Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Serbiýanyň Prezidentine we ýurduň halkyna mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge bolan umumy isleg esasynda ösdürilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyklykda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Serbiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 30 ýyl mundan ozal ýola goýuldy. Geçen döwürde iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialog bilen bir hatarda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary kemala geldi.