Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Bassony kabul etdi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we geljekki gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler.
Söhdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary, şol sanda ÝTÖB bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, telekeçiligi goldamaga, eksport ugurly önümçiligi ösdürmäge hem-de maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Hanym Odil Reno-Bassonyň belleýşi ýaly, ÝTÖB Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär. Taraplar energetika, ulag-logistika, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, şeýle hem oba hojalygy we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak ýaly wajyp ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini nygtadylar. Hususan-da, “ýaşyl” energetika geçmek we sebit ähmiýetli halkara ulag geçelgelerini döwrebaplaşdırmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň netijesinde, taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykmaga gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Olaryň hatarynda şu aşakdaky ähtnamalar bar:
2027 — 2032-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ÝTÖB-niň arasyndaky strategik ugurlar baradaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Bank ulgamyny berkitmek hem-de ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk Ähtnamasy;
Durnukly energetika, daşky gurşaw we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk Ähtnamasy;
Ulag geçelgelerini döwrebaplaşdirmak we üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça Ähtnama;
Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝTÖB-niň arasynda “Ýaşyl” şäherler” maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ähtnamasy.
Bu duşuşyklar we gol çekilen resminamalar Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine hem-de giňeldilmegine kuwwatly itergi berer.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.