
Hormatly müşderiler!
«Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäher şahamçasy ýuridik şahslara we hususy telekeçilere sanly bank hyzmatlarynyň amatly mümkinçiliklerini hödürleýär.
Sanly ulgam arkaly «Internet-bank» hyzmaty bilen müşderiler banklara barmak zerurlygy bolmazdan, hasap-hasaplar boýunça geçirimlerini amala aşyrýarlar. Banka iberilen töleg resminamalarynyň hereketini görmek, hasapdan-hasaba geçirmek, karz almak we goşmaça bank hasaplaryny açmak ýaly ýüz tutmalary online görnüşde bermek amatlylygy döredilýär.
Bu hyzmatlaryň ählisi internet ulgamy bolan islendik wagtda, şahsy kompýuter, planşet ýa-da ykjam telefon arkaly ýerine ýetirilip bilner.
«Internet-bank» hyzmatynyň amatlylyklaryndan peýdalanmak üçin
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat şäherindäki şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Salgy: Dänew etrabynyň Seýdi şäheri, Bitaraplyk köçesi, 12-nji jaý
Habarlaşmak üçin telefon: 8 (426) 7-25-57, 7-08-48
Websaýt: www.tbbank.gov.tm
Keywords