Türkmenistanyň ýygyndy topary Özbegistanyň Samarkant şäherinde 28–31-nji oktýabr aralygynda geçirilen uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, jemi 26 medala mynasyp boldy. 12 döwletden 740-dan gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda türkmen türgenleri 20 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Ýaryşda birnäçe türgenimiz dürli agram derejelerinde hem-de uniwersal söweşiň nusgawy we laýt görnüşlerinde ýokary netijeleri görkezdiler.
Aşgabat şäherindäki 57-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Muhammedaly Orazgeldiýew 29 kilogram agram derejesinde çykyş edip, iki görnüş boýunça hem altyn medala eýe boldy. Şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Seýran Orazgeldiýew 71 kilogram agram derejesinde nusgawy görnüşden altyn, laýt görnüşinden bolsa bürünç medal gazandy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Orazgeldiýew 54 kilogram, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Şöhrat Orazgeldiýew bolsa 57 kilogram agram derejesinde nusgawy görnüş boýunça altyn medallary eýelediler.
Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Mergen Gandymow 60 kilogram agram derejesinde nusgawy görnüşden bürünç, laýt görnüşinden altyn medal gazandy. Paýtagtymyzyň 12-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Emirhan Röwşenow bolsa 51 kilogram agram derejesinde laýt görnüşinden altyn, nusgawy görnüşden bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby Wepa Hojamämmedow 86 kilogram agram derejesinde nusgawy görnüşden altyn, laýt görnüşinden bürünç medal gazandy. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň esgeri Kuwwat Şöhradow hem 67 kilogram agram derejesinde nusgawy görnüş boýunça altyn, laýt görnüşinde bolsa bürünç medal eýeledi.
Mary welaýatynyň türgenleri hem çempionatda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmengala etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mekan Täçew 63,5 kilogram, Ýolöten etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Söhbet Çaryýew bolsa 44 kilogram agram derejesinde iki görnüş boýunça hem altyn medallary gazandylar.
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Süleýman Allaýew 74 kilogram agram derejesinde iki altyn medala mynasyp boldy. Şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ärsary Pirgulyýew 71 kilogram agram derejesinde nusgawy görnüşden altyn, laýt görnüşinden bürünç medal aldy.
Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň türgeni Eşret Gylyjow hem iki altyn medal gazanyp, üstünlikli çykyş etdi. Ol 77 kilogram agram derejesinde nusgawy, 86 kilogram agram derejesinde bolsa laýt görnüşinde birinji orny eýeledi.
Ýaryşda tälimçiler we mugallymlar hem ýokary netijeleri görkezdiler. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Nagmat Hojamämmedow 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde nusgawy görnüş boýunça ýeňiji boldy. Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Orazgeldi Orazgeldiýew hem şol agram derejesinde altyn medal gazandy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Samarkantda gazanan 26 medaly türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezýändigini ýene bir gezek tassyklady.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.