
«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen ýarym ýylynda ýeriň jümmüşinden çykarylan nebitiň möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
Hasabat döwründe «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça bellenilen meýilnamadan goşmaça 155 müň 800 tonna nebit çykarylyp, tabşyryk 108,5 göterim berjaý edildi. Şeýle hem konserniň deňiz ýakasynda iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy boýunça meýilnamadan daşary 1 müň 227 tonna nebit çykaryldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tutuş konsern boýunça nebit çig malyny çykarmakda gazanylan ösüş depgini 101 göterime golaýlady.
Mundan başga-da, görkezilen döwürde nebit-gaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan 2 milliard 454 million 626 müň kub metr tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi. Ugurdaş gazlaryň bol akymyny almakda «Körpeje», «Keýmir», «Goturdepenebit» we «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirlikleri ýokary netijeleri görkezdiler.
Aýratyn-da, «Keýmir» nebit-gaz çykaryş müdirliginde gazanylan üstünlikler tapawutly boldy. Bu kärhana boýunça geçen alty aýda hereket edýän guýulardan alnan nebitiň möçberi 236 müň 613 tonna ýetirilip, tabşyryk 122 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem «Goturdepenebit» we «Ýaşyldepe» müdirliklerinde hemmeýilnamalaýyn işler degişlilikde 111 göterimden we 115 göterimden geçirilip amal edildi.
Keywords