
Täze ýylyň bosagasynda tamamlanyp barýan ýylyň keşbi, onuň ýüreklerde galdyran mähirli ýatlamalary göz öňüňde janlandyryar.
Kalpda galan bu pursatlaryň ählisiniň diyen ýaly ýurdumyzda gazanylan ýeňişler, şanly seneler, döwlet we halkara derejeli çäreler mynasybetli geçirilýän dabaraly konsertler bilen bagly bolmagy ruhy dünýäňi has-da galkyndyrýar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada döreden aýdym-sazlarymyzyň döwlet we halkara derejesindäki festiwallarda ýaňlanmagy şanly ýyldy toý serpaýym boldy.
Şanly ýylyň kalbymda baky galdyran pursatlarynyň ýene-de biri «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» ady bilen zenanlaryň Awazada geçirilen halkara maslahatyna gatnaşmagymdyr.
Goý, Täze ýyl hem ene-eleriň kalby ýaly gözel, mähriban hem-de abadançylyk bolsun!
Keywords