
Fransiýanyň Mýuluz şäheriniň golaýynda ýerleşýän «EuroAirport Basel-Mulhouse-Freiburg» Halkara howa menzili bir wagtda üç ýurda gidip bolýandygy bilen tapawutlanýan dünýäniň ýeke-täk aeroportydyr. Halkara howa menzili Şweýsariýanyň Bazel, Fransiýanyň Mýuluz we Germaniýanyň Fraýburg şäherleriniň bilelikdäki howa menzili hasaplanýar. Bazelden 6 kilometr, Mýuluzdan 22 kilometr we Fraýburgdan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän howa menziline baran ýolagçylar islendik üç ýurda girip bilýärler. Fransiýanyň çäginde ýerleşýändigine garamazdan, Şweýsariýanyň Bazel şäheriniň gümrük çägine degişli hasaplanýan aeroportyň statusy 1946-njy ýylda bu üç ýurduň arasynda gol çekilen şertnama bilen kesgitlenýär. Haýsydyr bir gümrük ýa-da serhet çäklendirmesi bolmazdan, üç ýurduň çäginden hem howa menziline baryp bolýar. Şweýsariýanyň 2009-njy ýylda Şengen şertnamasyna goşulmagy bilen, Şengen we beýleki sebitden gelen ýolagçylar üçin aýratynlykda düzgünleşdirilýär. «EuroAirport»-yň adaty bolmadyk statusy sebäpli üç sany IATA (Howa gatnawlarynyň halkara assosiasiýasy) kody bar – BSL (Bazel), MLH (Mýuluz) we EAP (EuroAirport). Mälim bolşy ýaly, her bir Halkara howa menziline IATA tarapyndan berilýän üç harply kod bolýar. 1930-njy ýylda Şweýsariýa bilen Fransiýa bilelikde howa menziliniň gurluşygyna başlamak başlangyjyny ýola goýýarlar. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde onuň ýeri kesgitlenip, 1946-njy ýylda gurluşyk işlerine başlanýar. Şeýlelikde, Fransiýanyň Blotzaým şäheriniň 4 kilometr demirgazygynda 1 müň 200 metr uçuş-gonuş zolagy bolan howa menzili gurulýar. 1951-53-nji ýyllar aralygynda howa menzili giňeldilýär we uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 1 müň 600 metre ýetirilýär hem-de «Zollfreistrasse» (gümrüksüz awtoýol) gurulýar. Şeýlelikde, Bazelden Fransiýanyň serhet gözegçiliginden geçmezden aeroporta barmaga mümkinçilik döredilýär. 1960-njy ýylda Bazelde sala-salşyk geçirilip, howa menziliniň çägi giňeldilýär. Şondan soňky ýyllarda howa menziliniň terminallary we uçuş-gonuş zolagy has-da uzaldylýar. 1972-nji ýylda demirgazyk-günorta uçuş-gonuş zolagy 3 müň 900 metre çenli uzaldylýar. 1984-nji ýylda howa menziliniň ýolagçylarynyň sany 1 milliona ýetýär. 1987-nji ýylda resmi ady «EuroAirport Basel-Mulhouse-Freiburg» diýlip üýtgedilen howa menziliniň ýolagçy sany 1992-nji ýylda 2 milliona, 1998-nji ýylda 3 milliona ýetýär. 2004-nji ýylda arzan bahaly hyzmat hödürleýän «EasyJet» awiakompaniýasynyň bu ýerde täze merkez açmagy bilen ýolagçylarynyň sany has-da artyp, 2006-njy ýylda 4 milliona ýetýär. Aeroportdan yzygiderli ýolagçy gatnawlary bilen bir hatarda syýahatçylyk möwsüminde ýörite gatnawlar hem ýola goýulýar. Aeroportda Germaniýa, Fransiýa we Şweýsariýa çykylýan gapylar bar.
Keywords