
2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Kaspiý ekologiki sammitini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giňden alnyp barylýar. Häzirki wagtda hünärmenler we diplomatlar sebitdäki ekoulgamy bilelikde gorap saklamagyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamalar toplumyny ylalaşmak işlerine girişdiler.
Bu ýokary derejeli duşuşyga taýýarlyk görmek meselesi Türkmenistanyň Kaspiý deňzi boýunça döredilen toparynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşylýan sammit ýurdumyzyň halkara ekologiki başlangyçlaryny öňe sürýän, daşky gurşawy goramak ulgamynda ählumumy guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ädim bolar. Şunuň bilen birlikde, Kaspiý deňziniň gününe bagyşlanan ýörite çäreler hem taýýarlanylýar.
Ekologiki forum Kaspiý kenaryndaky giň möçberli güýz tertibiniň esasy bölegine öwrüler. Ýatladyp geçsek, oktýabr aýynda Awazada birnäçe ýokary derejeli duşuşyklaryň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň sammitiniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Döwlet baştutanlary geňeşiniň mejlisiniň, suw serişdeleri boýunça ministrlik maslahatlarynyň hem-de Halkara zenanlar dialogynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Keywords