WIÇ ýokanjynyň öňüni almakda dünýä meditsinasynda taryhy ädim ätildi: «Lenakapawir» atly uzak wagtlap täsir edýän sanjym görnüşli derman ýokanjyň öňüni almakda 99,9% çenli ýokary netijelilik görkezdi. ABŞ-nyň Iýmit we derman serişgelerine gözegçilik gullugy (FDA) bu dermany uly adamlar we ýetginjekler üçin ulanmaga tassyklady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSSG) bolsa ony meditsinadaky esasy üstünlikleriň biri hökmünde yglan etdi.

Iň ýokary derejeli goragy saklamak üçin her alty aýda bir gezek sanjym etmek ýeterliklidir. Bu bolsa her gün gerdejik kabul etmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Hünärmenler «Lenakapawir» dermanynyň eýýäm bar bolan WIÇ keselini bejermeýändigini, ýöne täze ýokanjyň geçmegine bütinleý böwet bolup, keselçiligiň öňüni almakda uly rol oýnaýandygyny ýatladýarlar.