Amerikan aktýory Win Dizel «Forsaž: Hemişelik» atly täze filmiň ssenarisini okanda güýçli duýgulary başdan geçirendigini gürrüň berdi.
Aktýoryň aýtmagyna görä, täze filmiň ssenarisi soňky on ýylyň dowamynda okan iň täsirli we çeper ýazylan eserleriniň biri bolupdyr. Ol ssenari bilen tanyş bolanda tolgunandygyny hem-de gözýaşyny saklap bilmändigini belläp geçdi.
«Forsaž» kino tapgyrynyň täze bölüminiň premýerasynyň 2028-nji ýylyň maý aýynda geçirilmegine garaşylýar diýip, «ria.ru» habar berýär.
Mundan öň Win Dizel serialyň 11-nji bölüminde dünýä belli portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldunyň hem surata düşmeginiň mümkindigini habar beripdi.
«Forsaž» häzirki wagta çenli 11 sany doly göwrümli we iki sany gysga göwrümli ekşen filmden ybarat bolup, dünýä kinosynyň iň meşhur franşizalarynyň birine öwrüldi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.