
«Яндекс Погода» hyzmatynda täze mümkinçilik — ulanyjylara howa şertlerini göz öňünde tutup, günlerini meýilleşdirmäge kömek etjek emeli aňly (AI) çat peýda boldy. «Alice AI» tehnologiýasyna esaslanýan neýroulgam şahsy maslahatlary berýär: meselem, gezelenç üçin nähili geýinmelidigi, welosiped möwsümini haçan başlamalydygy ýa-da awtoulagyň tigirlerini çalyşmagyň wagtynyň gelendigi barada görkezme berýär.
Çat haýsy maglumat çeşmesini ulanmalydygyny — uzak möhletli çaklamany, klimat statistikasyny ýa-da ýakyn gün üçin niýetlenen çaklamany özbaşdak kesgitleýär. Ol ulanyjynyň geolokasiýasyny hasaba alýar we diňe bir umumy şäher üçin däl, eýsem, anyk bir etrap üçin hem jogap berýär.
Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, çatyň işiniň esasynda çyglylyk we şemalyň tizligi hem bolmak bilen, 100-den gowrak howa görkezijisine bolan elýeterlilik durýar. Neýroulgam model kontekst protokoly (MCP) arkaly «Яндекс Погода» ulgamyna birikdirildi, bu bolsa oňa howadaky üýtgeşmeler baradaky maglumatlary dessin almaga mümkinçilik berýär.
Keywords