Ýewropa Komissiýasy 13 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmegi göz öňünde tutýan «Kids Act» atly kanun taslamasyny hödürledi. Bu başlangyç Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň Ýewroparlamentde eden ýyllyk çykyşynda mälim edildi.
«AZERTAJ» agentliginiň habar bermegine görä, resminamada çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä sosial platformalary ulanmagyna tapgyrlaýyn çäklendirmeleri girizmek teklip edilýär.
Teklibe laýyklykda, 13 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyna rugsat berilmez. 13–15 ýaş aralygyndaky ýetginjeklere bolsa diňe çäklendirilen mümkinçiliklere eýe bolan mini-akkauntlary ulanmak we sosial ulgamlarda geçirilen wagty günde bir sagat bilen çäklendirmek teklip edilýär.
15–18 ýaş aralygyndaky ulanyjylar üçin bolsa sosial platformalardan ýaşlara laýyk we has howpsuz görnüşde peýdalanmaga mümkinçilik berýän ýörite dizaýn talaplarynyň girizilmegi göz öňünde tutulýar.
Ursula fon der Lýaýeniň bellemegine görä, başlangyjy taýýarlamak üçin ýörite hünärmenler topary döredilipdir. Onuň aýtmagyna görä, teklip ýaş toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara alýan tapgyrlaýyn çemeleşmä esaslanýar.
«Kids Act» diňe sosial ulgamlary däl, eýsem onlaýn oýunlary we emeli aň esasynda işleýän çat-bot hyzmatlaryny hem öz içine alar. Ýewropa Komissiýasy degişli kompaniýalardan çagalaryň ýaşyna laýyk bolmadyk hyzmatlara girmeginiň öňüni almak üçin ýaş barlaglaryny we degişli çäklendirmeleri ornaşdyrmagy talap etmegi meýilleşdirýär.
Kanun taslamasynda bellenen düzgünleriň berjaý edilmezligi üçin jerimeleriň ulanylmagy hem göz öňünde tutulýar. Bu talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we degişli çäreleri görmek üçin Ýewropa derejesinde degişli mehanizmleriň döredilendigi habar berilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.