Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşykda taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn depginde ösýändigini belläp geçdiler. Hususan-da, söwda, ykdysady ösüş we işewürlik gatnaşyklary ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar bar bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we geljekde täze mümkinçilikleri döretmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Ýeri gelende bellesek, Beata Peksa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde diplomatik wezipesini tamamlaýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.