Azat Kulyýew, Kerki etrabyndaky daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary: Golaýda Kerki etrabyndaky daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdepde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli «Garaşsyz döwrümiň uçar ganaty — milletiň myrady ganatly aty» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çäräni mekdebiň müdiri Mergen Abdyllaýew açyp, okuwçylary myhmanlar bilen tanyşdyrdy.

Soň­ra da­ba­ra­nyň myhman­la­ry­—­Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­rama­sy­nyň Ker­ki et­rap Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ar­zuw Rah­ma­no­wa, «Türk­men dün­ýä­si» ga­ze­ti­niň jo­gap­kär kä­ti­bi, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan žur­na­lis­ti Döw­rangel­di Aga­ly­ýew, «Türk­men gündo­ga­ry» ga­ze­ti­niň ýö­ri­te ha­barçy­sy, ýa­zy­jy Öde­gel­di Ku­ly­ýew da­gy ýy­lyň şy­ga­ry­nyň çuň pelse­pä ýug­ru­lan ma­ny­maz­mu­ny ha­kyn­da, mu­kad­des Ga­raş­syzly­gy­my­zyň, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­myzyň, ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň döw­le­ti­mi­ziň hem­de hal­ky­myzyň bag­ty­ýar dur­mu­şyn­da­ky äh­mi­ýet­li or­ny dog­ru­syn­da täsir­li gür­rüň ber­di­ler. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da tä­ze ýy­ly­my­zyň ösüş­li ýo­lu­my­za çy­rag bol­jak şy­ga­ry­na ba­gyş­la­nyp oka­lan goş­gu­lar, mek­de­biň ýo­ka­ry synp okuw­çy­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym­la­ry­dyr küşt­dep­di tan­sy hem­me­ler­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­dy. Diý­seň­tä­sir­li­ge­çen­çä­re­deedi­len­çy­kyş­lar­dyr­ýe­ri­ne­ýe­ti­ri­lenaý­dym­la­ryň­öze­nin­den­türk­menhal­ky­nyň­Mil­li­Li­de­riGah­ry­man­Ar­ka­da­gy­my­za,­ hor­mat­ly­Pre­zi­den­ti­miz­Ar­ka­dag­lyGah­ry­man­Ser­da­ry­my­za­tüýs­ýürek­den­aý­dyl­ýan­al­kyş­ke­lam­la­ryeriş­ar­gaç­bo­lup­geç­di.