
Soltangözel Paşşikowa Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde abadan, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.
Taryha giren 2025-nji ýylda döwletimizde bitirilen işler, amala aşyrylan beýik özgertmeler milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazyldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen geçen ýylda ata Watanymyzda halkara derejesinde birnäçe iri forumlardyr maslahatlar geçirildi. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam etdi.
Uly ruhubelentlik hem-de buýsanç bilen gadam basylan üstümizdäki ýylda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de özgertmek we onuň şan-şöhratyny artdyrmak, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşy almak watandaşlarymyzyň ählisiniň, şol sanda bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her täze ýyly öňümizde duran beýik maksatlara laýyklykda atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bilim işgärleriniň hem bu şanly ýylda esasy maksady ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyryp, ýaşlary ata Watanymyza, halkymyza wepalylyk, mertlik, ynam-ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Ululara hormat goýmak, kiçileri sylamak, ata-enäniň mertebesini we abraýyny saklamak, dogruçyllyk, edeplilik ýaly häsiýetler bize ata-babalarymyzdan miras galan örän uly gymmatlyklardyr. Biz okuw sapaklarymyzda, mekdepden daşary guraýan çärelerimizde ýaş nesli asyrlar aşyp gelýän şeýle asylly ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýeleýäris.
Döwletiň çalt depginler bilen ösmegine itergi berýän esasy güýçleriň biri ylym-bilimdir. Şol sebäpli hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmäge uly üns berilýär. Bilimli-sowatly, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly ýaşlar Watanyň daýanjydyr. Ýurdumyzyň röwşen geljegi ýaş nesle baglydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym-bilimiň kämil derejede ösdürilmegine, bilim işgärleriniň tejribelerini artdyrmaklaryna, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ulus-ilimiziň bähbidine amala aşyrýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Keywords