
Zenanlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýärler. Ýaşdygyna garamazdan, kesbine kämilligi bilen adygýan we uly abraýdan peýdalanýan kärdeşlerimiziň biri hem «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümiň kompýuter operatory Gültäç Myradowadyr.
Ony ýakyndan tananyňda, adamlaryň ukyp-başarnygy, zehini bilen uly üstünliklere, sylag-hormata eýe bolýandyklaryna magat göz ýetirýärsiň. Gültäjiň gündelik iş we durmuş tejribesi, çekýän zähmeti köpler üçin nusga alarlyklydyr. Ol mundan iki ýyl ozal Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny menejer-ykdysatçy hünäri boýunça üstünlikli tamamlap, şol ýyldan bäri bu birleşikde yhlasly zähmet çekip gelýär.
Birleşigiň bu bölümi uly jogapkärçiligi talap edýär. Awtoulaglaryň her biriniň GPS ulgamynyň işleýiş tertibini içgin bilmeli, işgärleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaly, sanly ykdysadyýetden gowy baş çykarmaly. Gültäjiň bilim derejesi, erjelligi, işgärler bilen umumy dil tapyşy, türkmen zenanyna mahsus bolan mylaýym, ýumşak häsiýeti, iň esasysy bolsa bu ýerdäki halypa hünärmenlerden alan degerli maslahatlary, oňa işinden ussatlarça baş çykarmaga ýardam berýär.
Ýeri gelende aýtsak, önümçilik birleşigine degişli awtoulaglarynda, awtobuslarda ýük we ýeňil geopozisiýa (GPS) ulgamy doly ornaşdyrylandyr. Munuň özi awtoulagyň degişli wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle hem ulagyň dolandyrylyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
—Meniň wezipäm her gün sanly ulgam arkaly welaýatymyzyň çäginde, şäherara, şäheriçi, şäherýaka ugurlary boýunça hereket edýän ýolagçy, ýük awtoulaglaryň işleýiş tertibine gözegçilik etmek bolup durýar. Döwrebap sanly tehnologiýalar biziň işimizi bökdençsiz, sazlaşykly alyp barmaga ýardam edýär — diýip, operator gyz alyp barýan işleri barada gürrüň berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlar özleri hakynda edilýän ägirt uly aladalara jogap edip, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldap, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji şa eseriniň adynda adalatly nygtaýşy ýaly, olar Watanyň hakyky daýanjyna öwrülýärler.
Keywords