1996-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ildeş­le­ri­mi­ze gur­lu­şyk ha­ryt­la­ry­ny hö­dür­le­mek­de uly tej­ri­bä eýe­lik edýär. Önüm­çi­li­ge baş­la­ma­gy bol­sa kär­ha­na has-da uly ab­raý ge­tir­di. Ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň Bal­kan we­laýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky gu­ry gur­lu­şyk ga­ryn­dy­la­ry­ny hem-de gip­so­kar­ton önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­sy­nyň ne­ti­je­li işi ýur­du­myz­da im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ryň hödür­len­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Bu ýer­de ön­dü­ril­ýän su­wag üçin ni­ýet­le­nen gu­ry gur­lu­şyk ga­ryndy­la­ry hem-de gip­so­kar­ton önüm­le­ri ýo­ka­ry hi­li bi­len müş­de­ri­le­riň uly gyzyk­lan­ma­syn­dan peý­da­lan­ýar. «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de iş­çi-hü­närmen­le­riň 75-si zäh­met çe­kip, ag­zy­bir to­pa­ryň ne­ti­je­li işi­niň kär­ha­na­da or­naş­dy­ry­lan Ýew­ropa­nyň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ut­gaş­ma­sy bu ýer­de uly önüm­çi­lik kuw­wa­tynyň bel­li­ge alyn­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şun­luk­da, kär­ha­na her ýyl or­ta­ça 35 müň ton­na gu­ry gur­lu­şyk ga­ryn­dyla­ry­ny hem-de 1 mil­lion 500 müň metr gip­so­kar­ton önüm­le­ri­ni ön­dür­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň do­lan­dy­ry­şyň kä­mil til­si­mat­la­ry­dyr en­jam­la­ry bi­len üpjün edi­len önüm­çi­lik kär­ha­na­syn­da taý­ýar­lan­ýan se­riş­de­ler ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iri gur­lu­şyk­lar­da giňden ula­nyl­ýar. Şun­da hä­zir­ki za­man kär­ha­na­sy­nyň bi­na­la­ryň­dyr des­ga­laryň iç­ki di­war­la­ry­ny te­kiz­le­mek hem ýyl­ma­mak üçin ni­ýet­le­nen gur­lu­şyk ga­ryn­dy se­riş­de­le­ri, gip­so­kar­ton önüm­le­ri uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Önüm­çi­lik üçin ze­rur bo­lan çig malyň uly bö­le­gi­niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Ak­daş şäher­çe­si­niň go­la­ýyn­da­ky te­bi­gy känler­den alyn­ma­gy «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şyk önüm­le­ri­niň has-da ýo­ka­ry hi­li bi­len ta­pa­wut­lanma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şun­da bu önüm­le­re di­ňe ýur­du­myzda däl, eý­sem, da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly is­leg bil­di­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, kär­ha­na­da taý­ýar­lan­ýan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na, Gru­zi­ýa, Tä­ji­gis­ta­na, Ga­za­gys­ta­na hem-de Azer­baý­ja­na eks­port edil­ýär. Uly üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­ry­ha gi­ren 2025-nji ýy­lyň hem «Ak ga­ýa» hoja­lyk jem­gy­ýe­ti üçin diý­seň ne­ti­je­li ýyl­la­ryň bi­ri bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Çün­ki şol ýyl ho­ja­lyk jem­gy­ýeti­niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­menba­şy et­ra­by­nyň Ak­daş şä­her­çe­si­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän we gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni alyp barýan kär­ha­na­syn­da pro­fil­le­riň hem-de 60x60 öl­çeg­dä­ki po­to­lok­la­ryň önümçi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Pro­fil­le­riň önüm­çi­li­gin­de ýer­li hem da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän çig mal­la­ryň ula­nyl­ýan­dy­gy­ny belle­mek ge­rek. Şun­luk­da, bu ýer­de sink­le­nen de­mir­den taý­ýar­lan­ýan şeý­le pro­fil­le­riň 4 gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Şo­la­ryň bi­ri «çüňk pro­fil­le­ri» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp, di­war­la­ryň çüňk­le­ri­niň, ola­ryň ga­py­la­ry goý­mak üçin ni­ýetle­nen açyk bö­lek­le­ri­niň er­ňek­le­ri­niň gö­ni, ta­kyk hem yk­jam bol­ma­gy­ny ga­zan­mak­da mö­hüm we­zi­pä­ni ýeri­ne ýe­tir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de al­çi­pan we as­ma po­to­lok­lar üçin ni­ýet­le­nen «C» hem-de «U» gör­nüş­li pro­fil­ler ön­dü­ri­lip baş­lan­dy. 60x60 öl­çeg­dä­ki po­to­lok­lar üçin niýet­le­nen «T» gör­nüş­li pro­fil­ler bol­sa mu­nuň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýeti­niň önüm­çi­lik kär­ha­na­syn­da tä­ze ön­dü­ri­lip baş­la­nan 60x60 öl­çeg­dä­ki po­to­lok­lar eda­ra-kär­ha­na­la­ryň bina­la­ryn­da, ofis­ler­de hem-de bi­lim eda­ra­la­ryn­da giň­den ula­nyl­ýar. Bu önüm üçin ula­nyl­ýan çig mal­la­ryň 80 gö­te­ri­mi­niň ýer­li se­riş­de­ler­di­gi buý­san­dy­ry­jy mag­lu­mat­dyr. Şeý­le po­to­lok­lar kär­ha­na­da ön­dü­ri­len al­çipa­nyň ýü­zü­ne hem-de ar­ka ta­ra­pyna de­giş­li se­riş­de­le­riň ýel­men­me­gi esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Tä­ze önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­mak üçin «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tiniň önüm­çi­lik kär­ha­na­syn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­dan ge­ti­ri­len döw­rebap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ry­landy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Bu ýer­de iş ugur­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi welaýatyň ýa­şaý­jy­la­ry üçin iş orun­la­ry­nyň döre­dil­me­gin­de hem äh­mi­ýet­li bol­dy. — Ýur­du­myz­da se­na­gat­çy­la­ryň hem te­le­ke­çi­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin dö­re­di­lip be­ril­ýän şert-müm­kinçi­lik­ler­den ýer­lik­li peý­da­lan­ýan «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­sy­nyň ag­zy­bir hü­när­men­le­ri iş­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da yh­las­la­ry­ny gaý­gyr­man zäh­met çek­ýär­ler. Munuň özi kär­ha­na­my­zyň 2026-njy ýy­ly has-da uly üs­tün­lik­le­re bes­le­jek­digin­den ny­şan­dyr. Biz Wa­ta­ny­myz­da ki­çi we or­ta te­le­çi­li­gi, hu­su­sy­ýet­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak­da be­ýik iş­le­riň bin­ýa­dy­ny go­ýan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de şol döwlet­li ýo­ly my­na­syp do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za sag­bol­sun aýd­ýa­rys — di­ýip, «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry Oraz­myrat Apo­wow buý­san­jy­ny be­ýan et­di.