Türkiýe Respublikasynda tölegsiz okap bolýandygyny bilýärdiňizmi?

Köpleriň bu barada asla pikirlenmedik bolmagy hem mümkin. Muňa garamazdan, Türkiýe eýýäm köp ýyldan bäri dünýäniň öňdebaryjy bilim maksatnamalarynyň birini — «Türkiye Bursları» taslamasyny amala aşyryp gelýär.

Bu döwlet mümkinçiligi bolup, onuň üsti bilen daşary ýurtly talyplar Türkiýäniň uniwersitetlerinde tölegsiz esasda ýokary bilim alyp bilýärler.

Maksatnama nämeler girýär:

— Tölegsiz okuw

— Umumy ýaşaýyş jaýynda tölegsiz ýaşamak

— Tölegsiz lukmançylyk hyzmaty we döwlet ätiýaçlandyrmasy

— Tölegsiz türk dili kurslary (TÖMER)

— Türkiýä gidip-gelmek üçin uçar petegi

— Her aý berilýän talyp haky

Höwes bildirilýän ugurlar — şu günüň iň islegli hünärleri:

Lukmançylyk

Genetika, bioinženeriýa, lukmançylyk we saglygy goraýyş

Programmirleme, IT, kiberhowpsuzlyk, kompýuter inženeriýasy

Inženerçilik: gurluşyk, energetika, biolukmançylyk, deňizçilik, awiasiýa, mehatronika ugurlary

Ykdysadyýet, psihologiýa, halkara gatnaşyklary we başga-da onlarça hünärler.

Bulary unutmaň:

«Türkiye Bursları» — bu bäsleşik esasyndaky maksatnama.

Okuw mümkinçiligini saýlawyň netijeleri boýunça iň gowy dalaşgärler eýeleýärler: okuw bahalary, höweslendiriş (motiwasiýa) we okuw ugruna laýyklyk göz öňünde tutulýar.

Her ýyl 170-den gowrak ýurtdan müňlerçe talyp bu maksatnamanyň gatnaşyjysy bolýar.

Eger, siz eýýäm daşary ýurtda bilim almak barada oýlanýan bolsaňyz — bu garaşan mümkinçiligiňiz bolup biler. Şertleriň size laýyk gelýändigini göz ýetiriň we öňe tarap hereket ediň!