Noýabr aýynda Türkmenistanda medeniýet we bilim ulgamyna degişli birnäçe halkara çäreleri geçiriler. Olaryň hatarynda Aşgabatda Koreý medeniýet hepdeligi, Ýewropa medeniýet günleri hem-de V halkara teatr festiwaly bar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Bahar Seýidowa meýilleşdirilen çäreler we täze durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary barada hasabat berende mälim etdi.
TDH-nyň habar bermegine görä, noýabr aýynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — maksada okgunly bedewleriň mekany» atly şygaryna bagyşlanan forumlar hem geçiriler. Bu çäreler ýaş nesliň arasynda Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini we milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem tapawutlanan ýaşlara «Türkmenistanyň ýaşlarynyň baýragyny» gowşurmak dabarasy geçiriler. Ýokary okuw mekdeplerinde bolsa dürli dersler boýunça halkara internet olimpiadalaryny guramak meýilleşdirilýär.
Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde we çagalar sungat mekdeplerinde «Gül çagalar aýdym-sazly mekanda» atly aýdym-saz festiwaly geçiriler. Mundan başga-da, şahyrdyr ýazyjylaryň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan döredijilik duşuşyklary guralar.
Halkara medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde paýtagtda Koreý medeniýet hepdeligi, Ýewropa medeniýet günleri we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şeýle-de Aşgabatda «Bagtyýar döwrüň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow meýilleşdirilen çärelere, baýramlara, şeýle hem täze desgalaryň düýbüni tutmak we açmak dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.