2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda, ABŞ-da geçirilýän klublar arasyndaky dünýä çempionatynyň final duşuşygy bolup geçýär. Baş baýrak ugrunda göreşjekler bolsa — Fransiýanyň PSŽ kluby bilen Angliýanyň Çelsi topary. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.

Finala çenli ýoly:

PSŽ:

Inter Maýami bilen — 4:0 ýeňiş

Bawariýa bilen — 2:0 ýeňiş

Real Madrid bilen — 4:0 ýeňiş

Play-off tapgyrlarynda gol goýbermedi!

«Çelsi»:

Benfika bilen — 4:1 ýeňiş

Palmeýras bilen — 2:1 ýeňiş

Fluminensi bilen — 2:0 ýeňiş

Hüjümde güýçli çykyş, emma goragda säwlikler boldy

Duşuşyklaryň taryhy:

Jemi 8 duşuşykda oýnap, PSŽ 3 gezek ýeňipdir, Çelsi 2 gezek. Oýunlaryň hiç birinde 4-den köp gol geçirilmedi

Bu klublar halkara finalda ilkinji gezek duşuşýarlar.

Ýeňiji dünýäniň iň güýçli kluby diýen ada eýe bolýar.

Baýrak gaznasy: 100 million dollardan gowrak.

«Çelsi» dünýä derejesindäki abraýyny dikeltmäge synanyşýar.

«PSŽ» bolsa taryhynda ilkinji halkara tituly gazanmagy maksat edinýär.