Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyl üçin saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Bolgariýanyň ýygyndysyny 6:1 hasaby bilen ýeňdi.

Report habarlar gullugynyň maglumatyna görä, şol agşam sekiz duşuşyk geçirildi.

Latwiýa öz meýdançasynda Andorra bilen deňme-deň oýnap bildi – 2:2. Bu netije bilen Andorra saýlama tapgyrda ilkinji utuk gazandy. Şeýle hem, Serbiýa öýünde garaşylmadyk ýagdaýda Albaniýa garşy 0:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty

Saýlama tapgyry

11-nji oktýabr

E topary

  • 22:45 – Bolgariýa – Türkiýe – 1:6
  • 22:45 – Ispaniýa – Gruziýa – 2:0

F topary

  • 20:00 – Wengriýa – Ermenistan – 2:0
  • 22:45 – Portugaliýa – Irlandiýa – 1:0

I topary

  • 20:00 – Norwegiýa – Ysraýyl – 5:0
  • 22:45 – Estoniýa – Italiýa – 1:3

K topary

  • 17:00 – Latwiýa – Andorra – 2:2
  • 22:45 – Serbiýa – Albaniýa – 0:1