Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, 2026-njy ýylyň 13–26-njy iýuly aralygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edilýär. Kabul ediş işleri welaýatlar boýunça bellenen orta mekdeplerde, institutlarda we beýleki okuw edaralarynda guralýar.
Balkan welaýaty
Balkan welaýatynyň dalaşgärleri aşakdaky kabul nokatlarynda resminamalary tabşyryp bilerler:
- №3 orta mekdep (Balkanabat) – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
- №21 orta mekdep – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Halkara atçylyk akademiýasy, Döwlet mugallymçylyk uniwersiteti, Döwlet energetika instituty.
- №22 orta mekdep – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti.
- Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi – Türkmen döwlet medeniýet instituty.
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna Balkan welaýatynda kabul edilmeýär.
Daşoguz welaýaty
Daşoguz welaýatynda resminamalar şu ýerlerde kabul edilýär:
- №25 orta mekdep – Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwlet mugallymçylyk instituty, Döwlet dünýä dilleri instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Döwlet energetika instituty.
- №28 orta mekdep – Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Döwlet mugallymçylyk uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti.
- №7 orta mekdep – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
- Türkmen oba hojalyk instituty – Türkmen oba hojalyk instituty we Halkara atçylyk akademiýasy.
- Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty.
- Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi – Türkmen döwlet medeniýet instituty we Türkmen milli konserwatoriýasy.
Lebap welaýaty
Lebap welaýatynda kabul nokatlary:
- №32 orta mekdep – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
- №41 orta mekdep – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem-de Döwlet bedenterbiýe we sport instituty.
- S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty – Döwlet mugallymçylyk instituty we Türkmen oba hojalyk instituty.
- №2 orta mekdep – Döwlet dünýä dilleri instituty hem-de Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
- №20 orta mekdep – Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem-de Döwlet mugallymçylyk uniwersiteti.
- №24 orta mekdep – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Döwlet maliýe instituty.
- №26 orta mekdep – Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti.
- №27 orta mekdep – Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
- №38 orta mekdep – Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de Döwlet energetika instituty.
- Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi – Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Halkara atçylyk akademiýasy.
- Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi – Türkmen döwlet medeniýet instituty hem-de Türkmen milli konserwatoriýasy.
Mary welaýaty
Mary welaýatynda resminamalar aşakdaky nokatlarda kabul edilýär:
- №16 orta mekdep – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Döwlet mugallymçylyk uniwersiteti.
- №6 orta mekdep – Döwlet mugallymçylyk instituty hem-de Döwlet bedenterbiýe we sport instituty.
- №19 orta mekdep – Döwlet dünýä dilleri instituty.
- №1 orta mekdep – Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
- №14 orta mekdep – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Döwlet maliýe instituty.
- №15 orta mekdep – Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem-de Halkara atçylyk akademiýasy.
- Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty – Döwlet energetika instituty.
- №36 orta mekdep – Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti.
- Marynyň Ýolaman Hümmiýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi – Türkmen döwlet medeniýet instituty hem-de Türkmen milli konserwatoriýasy.
- Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň Mary şäherindäki binasy (TDEI) – Türkmen oba hojalyk instituty.
Ahal welaýaty, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça aýratyn tertip
- Aşgabat we Arkadag şäherleriniň dalaşgärleri resminamalary, esasan, degişli ýokary okuw mekdepleriniň özünde tabşyrýarlar.
- Türkmen döwlet medeniýet institutyna Aşgabat, Arkadag we Ahal welaýatynyň dalaşgärleri resminamalary institutyň özünde tabşyrýarlar.
- Halkara atçylyk akademiýasyna Aşgabat we Arkadag şäherleriniň dalaşgärleri akademiýanyň özünde ýüz tutýarlar.
- Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna Aşgabat we Arkadag şäherleriniň dalaşgärleriniň resminamalary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda kabul edilýär.
- Ahal welaýatynyň dalaşgärleri üçin kabul nokatlary Änew şäherindäki 45-nji we 46-njy orta mekdeplerde guralýar.
Iş wagty
- Kabul edilýän döwür: 2026-njy ýylyň 13–26-njy iýuly
- Iş wagty: 08:00–18:00
- Arakesme: 13:00–14:00
- Dynç güni hem kabul edilýär.
Dalaşgärlere resminamalary tabşyrmazdan öň zerur resminamalaryň doly toplumyny taýýarlamak we degişli kabul nokadyna wagtynda ýüz tutmak maslahat berilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.