ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S. Pol Kapur diplomatik saparynyň çäklerinde Türkmenistana we Beýik Britaniýa baryp görer. Aşgabatda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etjek diplomat Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda geçiriljek ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşar. Bu barada 2-nji noýabrda «The Annapurna Express» neşiri habar berdi.

Aşgabatda geçiriljek duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry 3-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Saparyň maksatnamasyna işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklar hem girýär. Bu duşuşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerine garalar.

Türkmenistana sapary tamamlanandan soň, S. Pol Kapur Londona ugrar. Ol ýerde Beýik Britaniýanyň hökümetiniň wekilleri we sebit boýunça bilermenler bilen duşuşyp, Günorta we Merkezi Aziýa bilen bagly meselelerde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar.