Dünýäniň dürli ýurtlarynda işgärlere kanun boýunça berilýän ýyllyk tölegli rugsadyň we tölegli döwlet baýramçylyklarynyň sany düýpli tapawutlanýar. 2025-nji ýyl üçin 185 ýurdy öz içine alýan maglumatlara görä, bu görkeziji käbir ýurtlarda 9 günden 53 güne çenli üýtgeýär.
Maglumatlar Resume.io tarapyndan geçirilen barlagyň esasynda taýýarlanypdyr. Barlagda işgärleriň kanun tarapyndan kepillendirilen ýyllyk tölegli rugsady bilen tölegli döwlet baýramçylyklarynyň jemi hasaba alnypdyr.
Reýtingde ilkinji orny eýeleýän Eýranda işgärleriň bir ýylda jemi 53 tölegli dynç alyş güni bar. Bu görkezijiniň ýokary bolmagynda döwlet baýramçylyklarynyň sanynyň köp bolmagy möhüm orun eýeleýär. Ýemende bu görkeziji 45 gün, Bahreýnde 44 gün, Kuweýtde 42 gün, Ommanda bolsa 39 gün.
Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde görkeziji dünýä boýunça ortaça 30 güne deň ýa-da ondan ýokarydyr. Mysal üçin, Islandiýada jemi 40 gün, Şwesiýada, Portugaliýada we Slowakiýada 35 gün hasaplanýar. Russiýada bolsa 2025-nji ýylda bu görkeziji 42 güne deň bolup, ol 28 günlük esasy tölegli rugsatdan we 14 sany döwlet baýramçylygyndan ybarat.
Aziýanyň iri ykdysadyýetleriniň käbirinde bolsa görkezijiler has pes. Hytaýda işgärler üçin jemi 16, Hindistanda 18, Ýaponiýada bolsa 26 tölegli rugsat we baýramçylyk güni göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda bu görkeziji 30 güne deň bolup, dünýä boýunça ortaça derejä gabat gelýär. Şeýlelikde, Türkmenistan 185 ýurduň arasynda işgärlere kanun tarapyndan göz öňünde tutulýan ýyllyk tölegli dynç alyş günleriniň jemi boýunça ortaça görkezijä eýe bolan ýurtlaryň hataryna girýär.
Ýurtlaryň görkezijilerini deňeşdireniňde, jemi günleriň sanynyň dürli görnüşde emele gelýändigini hem bellemek gerek. Käbir ýurtlarda ýyllyk zähmet rugsady köp bolsa, beýlekilerde döwlet baýramçylyklarynyň sanynyň köp bolmagy umumy görkezijini ýokarlandyrýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.