Gazagystanyň Almata şäherinde 14 müňden gowrak ýaşaýjy «aýakdan ýykýan ýokanç» diýlip atlandyrylýan keseliň ýaýramagy sebäpli lukmançylyk kömegine ýüz tutdy. Bu barada «SHOT» telegram-ýaýlymynyň maglumatlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, kesellänleriň arasynda üç müňe golaý çaga hassahana ýerleşdirildi. Ýokanç bilen kesellän adamlarda birnäçe günüň dowamynda ýokary gyzgynlyk saklanýar. Käbir ýagdaýlarda bedeniň temperaturasy 40 gradusa çenli ýokarlanýar we uzak wagtlap peselmeýär.
Keseliň esasy alamatlarynyň hatarynda bedeniň agyrmagy, bokurdagyň agyrmagy, güýçli üsgülewük we kelleagyry görkezilýär. Käbir näsaglarda gaýtarma we içgeçme hem ýüze çykýar.
Ene-atalaryň aýtmagyna görä, çagalar derman kabul edenlerinden soň birnäçe sagatlap özlerini has gowy duýýarlar, emma soňra gyzgynlyk täzeden ýokarlanýar. Şol sebäpli olar bu kesele «aýakdan ýykýan ýokanç» diýen ady beripdirler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.