Aýdym-saz dünýäsiniň iň abraýly baýraklarynyň biri hasaplanýan «Grem­mi» baýraklarynyň nobatdaky gowşurylyş dabarasy üçin dalaşgärleriň atlary yglan edildi. 69-njy gezek geçiriljek bu bäsleşikde britaniýaly aýdymçy Reýçel Agata Kin, sahna ady bilen tanalýan Raye, 11 ugur boýunça dalaşgärlige hödürlendi. Bu görkeziji zenan aýdymçylaryň arasynda ozalky rekordyň gaýtalanmagyna sebäp boldy. Mundan öň, 2025-nji ýylda Beýonse hem 11 ugur boýunça dalaşgärlige hödürlenipdi.

Ispaniýaly aýdymçy Rosaliýa 9 ugur boýunça dalaşgärlige hödürlenip, sanawda ikinji orny eýeledi. Ella Langli, Miranda Lambert, Oliwiýa Rodrigo we Fibi Brijers ýaly meşhur aýdymçylar bolsa hersi 7 ugur boýunça dalaşgär boldy.

Teýlor Swift «Ýylyň albomy» baýragyna sekizinji gezek dalaşgär görkezilip, bu ugurda Frank Sinatranyň rekordyny gaýtalady. Ol «Ýylyň albomy» baýragyny dört gezek gazanyp, bu ugurda rekordyň eýesi bolup durýar.