Telegram messenjeri ulanyjylara öz gyzyklanmalaryna laýyk gelýän kanallaryň ýazgylaryny bir ýerde jemläp görkezýän täze «Täzelikler» bölümçesini synagdan geçirýär. Täze bölümde «Goşulanlar» atly sahypa arkaly ulanyjylar özleri saýlan kanallarynyň täzeliklerini olara agza bolmazdan hem okap bilerler. «Siziň üçin» bölüminde bolsa oýunlar, biotehnologiýa ýaly ugurlar boýunça gyzyklanmalara laýyklykda ýazgylar hödürlener.

Täze bölümçe Telegram-yň iPhone we Mac üçin niýetlenen synag görnüşlerinde ýüze çykaryldy. 20-nji noýabrda Russiýanyň App Store dükanynda programmanyň 13.2.2 görnüşi elýeterli bolupdyr. Täze lentanyň ähli ulanyjylar üçin haçan işe giriziljekdigi barada kompaniýa häzirlikçe maglumat bermedi.

«teleLakel» kanalynyň awtorlary täze lentanyň işleýşini görkezdiler. Onda her ýazgynyň çeşmesi bolan kanalyň ady, tekstiň başlangyç bölegi we surat ýa-da wideo goşulan bolsa, onuň kiçi şekili görkezilýär. Şeýle hem ulanyjylar ýazgylaryň içinden gözläp, özlerini gyzyklandyrmaýan teklipleri gizläp we täze ýazgylaryň ählisini bir düwme arkaly okalan diýip belläp bilýärler.

Emeli aň kömekçileri, sesli ýazgy we terjime

Telegram-yň @agent atly botunyň menýusynda ChatGPT, Claude, Gemini, Grok we OpenRouter ýaly hyzmatlar ýerleşdirildi. Olaryň her birini birikdirmek üçin ulanyjynyň öz API açary gerek. Birnäçe hyzmat birikdirilen ýagdaýynda olaryň arasynda şol bir bot bilen söhbetdeşlikde geçmek mümkin bolar.

Sesli habar ýazga geçirilýän mahaly ekrany çepe süýşürip, diktanty dowam etdirmek mümkinçiligi hem synagdan geçirilýär. Ulanyjy gepleýän wagty onuň sözleri ýazgy meýdançasynda peýda bolýar. Soňra bu ýazgyny adaty tekst görnüşinde iberip bolýar.

Premium abunaçylary üçin iberilýän habarlary awtomatiki redaktirlemek mümkinçiligi hem synagdan geçirilýär. Bu gural tekstdäki ýalňyşlary düzedýär, onuň stilini üýtgedýär ýa-da saýlanan dile terjime edýär. Redaktirleme «Iber» düwmesine basylandan soň amala aşyrylýar we haty alýan adama onuň üýtgedilendigi barada aýratyn bellik görkezilmeýär.

Profiller, sowgatlar we botlar

Telegram-yň iPhone üçin 13.3 beta görnüşinde ulanyjy profillerindäki düwmeler tegelek görnüşe getirildi. Profilde berkidilen sowgatlar suratynyň daşynda hereket edýän köpürjikler görnüşinde görkezilýär. Şeýle-de saz diňlenýän wagty ýörite animasiýa işe girýär. Emma 37593 belgili has soňky synag ýygnagynda bu bezeg görnüşi deslapky ýagdaýda öçürilip, diňe sazlamalaryň düzediş bölüminde galdyryldy.

Ulanyjynyň eýeçiligindäki blokçeýne geçirilen sowgatlary mundan beýläk Telegram-yň içinden göni Fragment söwda meýdançasynda satuwa çykarmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Alyjy sowgady Gram Wallet arkaly töläp ýa-da öz bahasyny teklip edip biler. Şeýle sowgatlary täze kolleksiýa döredilende ilkinji ýere ýerleşdirmek hem mümkin bolar.

Mundan başga-da, bot eýelerine @BotFather arkaly öz profillerine interaktiw HTML widjetlerini goşmak mümkinçiligi berler. Botlar üçin göni çakylyk ibermek aýratynlygy hem synagdan geçirilýär. Çakylygy alan ulanyjyda bot awtomatiki işe girýär. Çakylykda ony kimiň iberendigi we botuň kime degişlidigi baradaky maglumatlar görkezilýär.