2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Özbegistanyň hemişelik ilatynyň sany 39 million 535 müň 200 adama ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,8 göterim köpdür. Bu barada ýurduň Milli statistika komiteti habar berdi.
Maglumatlar 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine esaslanýar. Şu ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Özbegistanda 638 müň 600 çaga dünýä inipdir. Şol döwürde ýurduň ilaty 515 müň 200 adam artypdyr, 172 müň maşgala bolsa durmuş gurupdyr.
Ilatyň ýerleşişi boýunça şäherlerde 21 million 523 müň 800 adam ýaşaýar. Bu umumy ilatyň 54,4 göterimine deňdir. Oba ýerlerinde ýaşaýanlaryň sany 18 million 11 müň 400 adama ýa-da 45,6 göterime barabardyr.
Jyns düzümi boýunça erkekler 20 million 14 müň adamy (50,6%), zenanlar bolsa 19 million 521 müň 200 adamy (49,4%) düzýär.
Sebitleriň arasynda ilat sany boýunça Samarkant welaýaty öňde barýar. Bu ýerde 4 million 462 müň 800 töweregi adam ýaşaýar. Ondan soň Fergana welaýaty 4 million 293 müň, Kaşkadarya welaýaty 3 million 746 müň 200 we Andijan welaýaty 3 million 574 müň 400 ilaty bilen gelýär. Daşkent welaýatynyň ilaty 3 million 799 müň 100 adama, ýurduň paýtagty Daşkent şäheriniň ilaty bolsa 3 million 278 müň 500 adama deňdir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.