Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň bilelikde işläp taýýarlaýan kiçi göwrümli kub görnüşli emeli hemrasyny 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda uçurmak meýilleşdirilýär. Taslamanyň çäklerinde taýýarlanylýan emeli hemranyň Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan älem giňişligine çykarylmagyna garaşylýar.

Taslama Gazagystanyň paýtagty Astanada işlenip taýýarlanylýar. Ol Türkiýe, Gazagystan we Özbegistan ýaly gurama agza döwletleriň kosmos tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň bir bölegidir.

2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Antalýada geçirilen 77-nji Halkara kosmos kongresiniň çäklerinde Türkiýäniň, Gazagystanyň we Özbegistanyň başlangyjy bilen gurama agza ýurtlaryň kosmos senagaty boýunça hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyk emeli hemralary işläp taýýarlamak, kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek, ylmy barlaglary geçirmek we senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Bilelikdäki kub görnüşli emeli hemra taslamasynyň dowamynda toplanjak tejribäniň geljekde has giň gerimli kosmos başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar.

Türki döwletleriň kosmos pudagyndaky hyzmatdaşlygy diňe bir tehnologiýalary ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, amaly meseleleriň çözülmegine hem gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda emeli hemralardan alynýan maglumatlary alyşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, oba hojalygyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini yzarlamak ýaly ugurlar bar.