Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitinde guramanyň ýolbaşçy düzümi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde täze Baş sekretary bellemek baradaky çözgüt kabul edildi.

Şoňa laýyklykda, Özbegistanyň wekili Mirwohid Azimow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Mirwohid Azimow bu wezipede soňky dört ýylyň dowamynda gurama ýolbaşçylyk eden Gyrgyzystanyň diplomaty Kubanyçbek Ömüraliýewiň ornuny eýeleýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariaty Türkiýede ýerleşýär.