ABŞ-nyň Federal derňew býurosy (FBI) geçen hepde ýurduň howa gatnawynda uly bökdençlige sebäp bolan enjamlaryň bir bölegini barlag üçin alyp gitdi. Derňewçiler näsazlygyň ýüze çykan şertlerini şol enjamlarda gaýtadan döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada CNN teleýaýlymyna salgylanyp, «Report» habar berýär.
Teleýaýlymyň žurnalisti Ewan Peresiň aýtmagyna görä, howa hereketini dolandyrmak ulgamyna köp sanly signal iberen marşrutizatorlaryň birinde näsazlyk ýüze çykyp, ulgamyň aşa ýüklenmegine sebäp bolupdyr. FBI häzirki wagtda enjamlaryň bir bölegini barlap, wakanyň sebäplerini anyklamaga synanyşýar.
Derňewiň dowamynda enjamlary çalyşmak baradaky kararyň haýsy wagtda kabul edilendigi hem öwrenilýär. Hususan-da, ABŞ-da ýolagçy gatnawynyň iň köp bolýan döwürleriniň biri bolan anna gününiň ikinji ýarymynda enjamlary çalyşmagyň näme üçin saýlanandygy derňewçileri gyzyklandyrýar.
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy müdirligi 13-nji noýabrda howa hereketini dolandyrýan merkezlerde aragatnaşyk ulgamynyň näsazlygy sebäpli ýurduň ähli çäginde uçuşlary dört sagatdan gowrak wagtlaýyn gadagan edipdi. Bu ýagdaý soňky 25 ýylyň dowamynda ABŞ-da uçuşlaryň tutuş ýurt boýunça iň uzak wagtlap togtadylmagy boldy.
13–14-nji noýabrda ýüze çykan bökdençlik zerarly 10 müňden gowrak awiakompaniýa gatnawy ýatyryldy. ABŞ-nyň ulag ministri Şon Daffiniň düşündirmegine görä, näsazlyk howa hereketini dolandyrýan könelişen ulgamyň marşrutizatorlarynyň aşa ýüklenmä çydap bilmezligi bilen baglanyşyklydyr.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.