Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 19-njy noýabrda Hytaýyň Şençžen şäherinde üçtaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistlere habar berdi. Habary «Atavatan Türkmenistan» neşiri çap etdi.

Dmitriý Peskowyň aýtmagyna görä, üç ýurduň liderleriniň duşuşygy Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçiriler. Ol bu barada şeýle belledi: «Prezident Putin, Başlyk Si we Prezident Trampyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşygy 19-njy noýabrda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Duşuşyk APEC sammitiniň çäklerinde Şençžen şäherinde geçiriler».

Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň ykdysadyýetleriniň liderleriniň 33-nji ýyllyk duşuşygy 2026-njy ýylyň 18–19-njy noýabrynda Hytaýyň Guandun welaýatynyň Şençžen şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.