ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy awtomatik ätiýaçlyk ulgamly generatory we onuň üçin ýörite sargyt esasynda taýýarlanan gorag gabyny satmak boýunça onlaýn auksion geçirýär.

Auksion 2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda sagat 18:00-da başlandy. Söwdanyň 17-nji sentýabrda sagat 23:30-da tamamlanmagyna garaşylýar.

Gyzyklanýan taraplar auksiona gatnaşmak üçin online-auction.state.gov platformasyna girip bilerler. Auksionyň çäklerinde awtomatik ätiýaçlyk girizijisi bolan generator hem-de onuň üçin ýörite taýýarlanan gorag gaby satuwa çykarylýar.

Onlaýn söwda gatnaşyjylara görkezilen emläk boýunça tekliplerini elektron görnüşde hödürlemäge mümkinçilik berýär.