ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki boş iş orny boýunça resminamalaryň kabul edilýändigini habar berdi. Işgärleri saýlap almak diplomatik wekilhananyň dolandyryş bölümlerinde geçirilýär.

Ilkinji boş iş orny desgalary ulanmak we olara tehniki hyzmat etmek bölüminiň FSN-02 derejesindäki bagban wezipesidir. Bu wezipe boýunça resminamalar 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Ikinji boş iş orny bolsa Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň FSN-07 derejesindäki administratiw kömekçi wezipesidir. Bu wezipe boýunça dalaşgärler resminamalaryny 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryna çenli tabşyryp bilerler.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar, wezipe borçlary, zerur resminamalar we arzalary tabşyrmagyň tertibi barada giňişleýin maglumat ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynyň «Boş iş orunlary» bölüminde ýerleşdirildi.