ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň 16–24-nji noýabr aralygynda geçirilýän sebitleýin saparynyň çäklerinde Aşgabat şäherine gelmegine garaşylýar. Onuň Täjigistana we Türkiýä hem baryp görmegi meýilleşdirilýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi maglumatynda aýdylýar.

Aşgabatdaky gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri Hazarüsti geçelgesiniň ugry boýunça energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak bolar. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Kristofer Landaunyň Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer. ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Hazarüsti ugur boýunça eksport energiýa geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga Waşingtonyň taýýardygyny tassyklamagy maksat edinýär.

Gepleşiklerde «Trampyň halkara parahatçylyk we gülläp ösüş üçin ýoly» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine hem garalar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Aşgabatdaky maslahatlaşmalar Döwlet sekretarynyň birinji orunbasarynyň sebite amala aşyrýan dokuz günlük saparynyň jemleýji tapgyry bolar. Saparyň dowamynda Täjigistanda we Türkiýede hem sebitara ulag arabaglanyşygy, üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy we täjirçilik taslamalaryny ilerletmek meseleleri boýunça pikir alşylar.