ABŞ-nyň birnäçe iri bankynyň müşderileri internet hyzmatlarynyň işinde bökdençliklere we öz hasaplaryna girmekde kynçylyklara sezewar boldular. Bu barada «Associated Press» agentligine salgylanyp, «Report» habar berýär.
Tehniki näsazlyklar «Bank of America», «Chase», «U.S. Bank», «Wells Fargo» banklarynyň, şeýle hem «Zelle» töleg ulgamynyň işinde ýüze çykdy.
«Chase» bankynyň wekili tehniki kynçylyklaryň bardygyny tassyklap, olaryň kiberhüjüm bilen baglanyşykly däldigini belledi.
Bankyň wekili käbir maliýe amallarynyň adatdakysyndan has köp wagt alýandygyny, muňa garamazdan, müşderileriň öz hasaplaryna we serişdelerine elýeterliliginiň saklanýandygyny habar berdi. Şeýle hem näsazlygy mümkin boldugyça gysga wagtda aradan aýyrmak üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
«Chase» bankynyň käbir müşderilerine aýratyn hyzmatlaryň wagtlaýyn elýeterli däldigi barada bildirişler iberilip, biraz wagtdan soň täzeden synanyşmak maslahat berildi.
Häzirki wagtda tehniki näsazlyklaryň umumy gerimi we hyzmatlaryň doly dikeldiljek wagty barada anyk maglumat ýok.
ABŞ-nyň bank ulgamyndaky bu bökdençliklerden birnäçe gün öň «Microsoft» kompaniýasynyň hyzmatlarynda hem uly tehniki näsazlyk ýüze çykypdy. Anna güni birnäçe sagat dowam eden şol näsazlyklar «Outlook», «Teams» we emeli aň kömekçisi «Copilot» hyzmatlarynyň işine täsir edipdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.