ABŞ, Meksika we Kanada Ebolanyň iň ýokary ýokuşma howpy bolan Afrika sebitlerinden gelýän şahsyýetler üçin jemgyýetçilik saglygyny goramak boýunça ylalaşykly çäreleri yglan etdiler. Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki beýanatynda bellenilişi ýaly, bu utgaşykly çäreler ýurduň raýatlaryny, şeýle hem ýakynda guramaçylykly geçiriljek futbol boýunça FIFA — 2026 dünýä çempionatyna geljek millionlarça janköýerleri, türgenleri we syýahatçylary goramaga gönükdirilendir.
Demirgazyk Amerikanyň bu üç döwleti girizilen çäreleriň serhetüsti syýahata we söwda gatnaşyklaryna bökdençlik döretmejekdigini aýratyn nygtadylar.
Ýurtlar boýunça girizilen çäreler we çäklendirmeler:
- Kanada: Demokratik Kongo Respublikasynyň, Ugandanyň we Günorta Sudanyň ýaşaýjylarynyň ýurda girmegini 90 günlük möhlet bilen gadagan etdi. Bu çäre çarşenbe güni güýje girdi we bu ýurtlardan gelýän raýatlara 21 günlük karantin möhleti bellenildi.
- Meksika: Ýurduň iň iri awiakompaniýasy bolan "Aeromexico", soňky 21 günüň dowamynda Uganda, Demokratik Kongo Respublikasy we Günorta Sudana syýahat eden raýatlara howa ýoly arkaly Meksika girmegiň gadagan edilendigini habar berdi.
- Meksikanyň beýleki awiadaşyýjylary: Ýurduň "Viva Aerobus" we "Volaris" ýaly pes nyrhly (loukoster) awiakompaniýalary hem 60 günüň dowamynda şuňa meňzeş çäklendirmeleri girizdiler.
Ýatladyp geçsek, futbol boýunça FIFA dünýä çempionaty ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 11-nji iýunynda badalga alar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.