Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynda «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda «Al-Holud» toparyny 5:3 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň baş gahrymany portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo bolup, ol üç gol geçirdi.

Duşuşykda ýeňijileriň düzüminde Gabriel Anželo 24-nji minutda, Sadio Mane 38-nji minutda tapawutlandy. Kristiano Ronaldo bolsa 66-njy, 72-nji we 81-nji minutlarda garşydaş derwezesinden gol geçirdi. Myhman toparyň gollaryny Žýulýen Dominges (16-njy we 90+4-nji minutlar) hem-de Loik Essomba (45+2-nji minut) öz hasabyna ýazdy.

Bu duşuşykda het-trik eden Ronaldo professional karýerasynda 67-nji gezek bir oýunda üç gol geçirmegi başardy. Ol 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri ilkinji gezek resmi duşuşykda het-trik etdi. Şol wagt portugaliýaly futbolçy Saud Arabystanynyň çempionatynda «Al-Wahda» topary bilen geçirilen oýunda üç gol geçiripdi. Duşuşyk 6:0 hasabynda tamamlanandy.

Şeýlelikde, Ronaldonyň karýerasyndaky gollarynyň umumy sany 985-e ýetdi. Ol futbol taryhynda iň köp gol geçiren oýunçylaryň biri hökmünde rekord görkezijisini artdyrmagyny dowam etdirýär.

Bu ýeňişden soň «Al-Nasr» topary utuk sany boýunça çempionatyň lideri «Al-Kadisiýa» bilen deňleşdi. Häzirki wagtda iki toparyň hem hasabynda 28 utuk bar.

Indiki tapgyrda «Al-Nasr» topary 6-njy noýabrda myhmançylykda «Al-Hazm» bilen duşuşar.