
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi çeşmeleri habar berýär.
Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň Türkmenistana bolan bu sapary özboluşly pursatlar bilen ýadygärlikde galdy. Myhmanyň ýurdumyzdaky ilkinji dabaraly duşuşyklarynyň we tanyşlygynyň türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen başlanmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew batly at-myradyň mekany hasaplanýan Türkmenistanyň 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda belleýän döwründe bu tanyşlyk türkmen medeniýetiniň hem-de gadymy däp-dessurlaryň dünýädäki abraýyny görkezýär.
Sara Rojersiň sapary iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak babatda möhüm ädim bolup durýar. Taraplar dürli ulgamlarda özara hereketleri giňeltmegiň mümkinçiliklerini we geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Bu saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, medeni we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga uly itergi berjekdigine umyt bildirilýär.
Keywords