
Ýakyn Gündogaryň, Demirgazyk Afrikanyň we Türkiýäniň (MENAT sebiti) iň gowy deňiz duralgalaryny, katerler üçin duralgalary hem-de ýahta toplumlaryny sylaglaýan IV ýyllyk «Abu Dhabi Maritime Awards 2026» baýragy üçin ýüzlenmeleri kabul etmek işi açyldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2026-njy ýylyň 19–22-nji noýabry aralygynda geçiriljek Halkara Abu-Dabi bout-shou çäklerinde bolar.
Taslamanyň guramaçylary hökmünde «Abu Dhabi Maritime» kompaniýasy («AD Ports Group» toparyna girýär) hem-de Utgaşdyrylan ulag merkezi («Abu Dhabi Mobility») çykyş edýärler. Bu baýrakyň esasy maksady ýahta infrastrukturasynyň ýokary dolandyryş derejesini, innowasiýalary we ekologik durnuklylygy ýüze çykarmakdan we sylaglamakdan ybaratdyr.
2026-njy ýylda ýeňijiler üç esasy topara bölünen 12 sany ugur boýunça kesgitlener:
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ýaşaýjylar we syýahatçylar üçin «Iň meşhur duralga» ýörite ugry boýunça açyk online ses berlişi açylar.
Bäsleşige MENAT sebitindäki ygtyýarnamaly duralgalaryň ähli eýeleri we operatorlary gatnaşyp bilerler. Öz arzany berip, profili «Abu Dhabi Maritime Awards» resmi sahypasynda bellige alyp bolar.
Keywords