
Türkmenistanyň «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen Özbegistanyň Daşkent şäher häkimliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama Özbegistanyň çäginde türkmen kompaniýasynyň täze önümçilik meýdançasyny döretmegi göz öňünde tutýar.
Resmi duşuşygyň dowamynda taraplar senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek we infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taslamany amala aşyrmak üçin Daşkent şäherinde umumy meýdany 4 gektar bolan ýer bölegi bölünip berildi.
Täze açyljak önümçilik merkezi, esasan, goňşy ýurduň iri ulag-infrastruktura taslamalaryna, şol sanda gurluşygy alnyp barylýan döwrebap Daşkent – Samarkant awtobanyna gönükdirilen önümleri öndürer. Hususan-da, bu ýerde:
Bu möhüm taslama Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem sebitiň ulag infrastrukturasynyň kämilleşmegine uly goşant goşar. «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti öz gezeginde, bildiren ynamy üçin Daşkent şäheriniň ýolbaşçylygyna hoşallyk bildirip, geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Keywords