Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümi tarapyndan 18-nji awgustda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.
Çäre Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň birinji gatyndaky kiçi mejlisler zalynda geçirilip, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Guramaçylar kärhanalary, edaralary, guramalary hem-de hususy telekeçileri özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen çärä gatnaşmaga çagyrýarlar.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa özleri bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamany, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesini we hünärini tassyklaýan resminamalary getirmelidirler.
Çäräniň geçiriljek salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Watan köçesi, 1-nji jaý.
Goşmaça maglumat almak üçin 800137-36-7-14 telefon belgisine ýüz tutup bolýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.