Türkmenistanda alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasyny düzgünleşdirýän täze Düzgünler kabul edildi. Täze talaplara laýyklykda, şeýle önümleri satýan söwda nokatlarynda «Ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara alkogolly önümleri satmak gadagan edilýär» diýen ýazgy hökmany suratda ýerleşdirilmelidir.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabryndaky 136 belgili buýrugy bilen «Alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň Düzgünleri» tassyklanyldy. Bu hukuk namasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda 1978 belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Täze Düzgünleriň 20-nji we 21-nji bentlerinde alkogolly önümleriň söwdasy bilen meşgullanýan söwda nokatlarynda berjaý edilmeli talaplar kesgitlenýär. Olara önümleri bölek-satuw görnüşinde satmak üçin degişli ygtyýarnamanyň bolmagy, harytlaryň gelip çykyşyny, howpsuzlygyny we hilini tassyklaýan resminamalaryň saklanmagy degişlidir.

Şeýle hem önümlerde kanunçylykda göz öňünde tutulan belgilemeler we degişli nyşanlar bolmaly. Söwda nokatlarynda alkogolly önümleriň zyýany baradaky lukmançylyk duýduryşy ýerleşdirilmelidir. Kanunçylykda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, elektron gözegçilik-kassa enjamy we töleg terminaly bilen üpjün edilmegi hem talap edilýär.

Mundan başga-da, söwda ýerlerinde 21 ýaşa ýetmedik adamlara alkogolly önümleri satmagyň gadagan edilýändigi baradaky ýazgy we alkogolyň zyýany hakyndaky maglumat bolmalydyr.

Düzgünleriň 30-njy bendinde bolsa 21 ýaşa ýetmedik adamlara alkogolly önümleri satmagyň gadagan edilýändigi aýratyn bellenilýär.

Täze talaplar alkogolly önümleriň söwdasy bilen meşgullanýan telekeçiler we söwda kärhanalary üçin hökmany bolup, söwda işiniň degişli kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny göz öňünde tutýar.