«Türkmentel — 2026» halkara sergisinde we ylmy maslahatynda TAV Technologies kompaniýasy howa menzilleri hem-de awiakompaniýalar üçin niýetlenen sanly çözgütlerini görkezdi. Olaryň hatarynda ýolagçylary biometrik usulda tanamak we ykjam görnüşde bellige almak ulgamlary bar.

Foruma TAV Technologies kompaniýasynyň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika hem-de GDA ýurtlary boýunça wise-prezidenti Aýtan Mastaliýewa, GDA ýurtlarynda sebit satuw we işewürligi ösdürmek boýunça menejeri Marina Tulegenowa hem-de önümler boýunça esasy menejer Ýalçyn Şahin gatnaşdy.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda kompaniýanyň wekilleri ýüz keşbini tanamak tehnologiýasyna esaslanýan biometrik ulgamyň işleýşini görkezdiler. Bu çözgüt ýolagçylara howpsuzlyk gözegçiliginden geçmäge we uçara münmek üçin goşmaça resminamalary ulanmazdan, biometrik tanamak arkaly degişli barlaglary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Howpsuzlyk gözegçiliginden geçen ýolagçy uçara münülýän ýerde hem şol ulgamdan peýdalanyp bilýär.

Şeýle hem kompaniýa ýörite göçme çemodana ýerleşdirilen ykjam bellige alyş ulgamyny tanyşdyrdy. Bu enjam howa menzillerine we awiakompaniýalara ýolagçylary terminalyň daşynda hem bellige almaga şert döredýär.

Ulgamy myhmanhanalarda, sergilerde we maslahatlarda ulanmak bolýar. Şeýlelikde, ýolagçylar uçuşdan öňünden bellige alnyp, howa menzilinde nobata garaşmak üçin sarp edilýän wagty azaldyp bilerler. Mundan başga-da, bu tehnologiýa VIP ýolagçylara hyzmat etmekde hem peýdalanylyp bilner.

TAV Technologies kompaniýasynyň sergide görkezen çözgütleri howa menzilleriniň we awiakompaniýalaryň işini sanlylaşdyrmaga, ýolagçylara hyzmat etmek işlerini awtomatlaşdyrmaga hem-de garaşmak wagtyny azaltmaga gönükdirilendir.