«Türkmentel — 2026» halkara sergisinde we ylmy maslahatynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet kärhanasy toparlaýyn radioaragatnaşygyň PoC (Push-to-Talk over Cellular) ulgamynyň kämilleşdirilen mümkinçiliklerini görkezdi. Bu ulgam ykjam aragatnaşyk torlarynyň üsti bilen ulanyjylaryň arasynda dessin sesli aragatnaşygy ýola goýmaga niýetlenendir.

Täzelenen çözgüt hereket edýän PoC tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly işlenip düzülipdir. Oňa «TOLKUN» programma üpjünçiligi goşulyp, sesli we tekst görnüşindäki aragatnaşyk, toparlaýyn gepleşikler, dispetçer dolandyryşy hem-de ulanyjylaryň ýerleşýän ýerini kesgitlemek ýaly mümkinçilikler girizilipdir.

PoC tehnologiýasy adaty radioaragatnaşygyň artykmaçlyklaryny 2G, 3G we 4G ykjam aragatnaşyk torlarynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýar. Ol goşmaça radioinfrastrukturany döretmezden, şahsy we toparlaýyn aragatnaşygy ýola goýmaga şert döredýär. Ulgam arkaly ileri tutulýan aragatnaşygy dessin ýola goýmak, ulanyjylary merkezleşdirilen görnüşde dolandyrmak we gepleşikler baradaky maglumatlary saklamak bolýar.

Täze çözgüdiň esasy aýratynlyklarynyň biri bolan «TOLKUN» programma üpjünçiligi ulanyjylara ýörite düwmäniň bir gezek basylmagy arkaly şahsy we toparlaýyn sesli gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem programma arkaly tekst habarlaryny, suratlary, wideolary we iş resminamalaryny iberip bolýar.

Dispetçer dolandyryşy we geografik ýerleşýän ýeri kesgitlemek gurallary işgärleriň işini utgaşdyrmaga, tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge hem-de ýüze çykýan ýagdaýlara dessin jogap bermäge ýardam edýär.

Kämilleşdirilen ulgamy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ulag-logistika toplumynda, demir ýol we howa ulaglarynda, gurluşykda, senagatda, nebitgaz pudagynda, poçta hyzmatynda hem-de saglygy goraýyş ulgamynda ulanmak göz öňünde tutulýar. Onuň ornaşdyrylmagy hünärmenleriň arasyndaky maglumat alyş-çalşygyny çaltlandyrmaga we önümçilik işleriniň sazlaşygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ulgamyň möhüm bölegini M6G, TE 620G, BP 900, TG 510 we TG 200 kysymly ýöriteleşdirilen enjamlar düzýär. Bu enjamlaryň ýady giňeldilen, batareýalarynyň kuwwaty ýokarlandyrylan bolup, daşky täsirlere garşy IP54 we IP68 gorag derejeleri bilen tapawutlanýar. Degişli modellerde 5G tehnologiýasynyň goldanylmagy bolsa ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlaryny ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmentel — 2026» forumynda görkezilen bu çözgütler ýurtda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilýändigini görkezýär. PoC ulgamynyň we «TOLKUN» programma üpjünçiliginiň ösdürilmegi sanly infrastrukturany kämilleşdirmäge, dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap aragatnaşyk serişdelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir.