2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Sunway uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi talyplary döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary, ýaş nesli goldamak üçin amala aşyrylýan işler hem-de olaryň bilim, ylym we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen tanyşdyrdy.
Söhbetdeşlikde «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň ýaşlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna, şeýle-de 2031-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet ýaşlar syýasaty babatda Döwlet maksatnamasyna aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýaşlaryň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işlerine gatnaşygyny giňeltmek, medeniýetara dialogy ösdürmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti hem bellenildi.
Duşuşykda bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky orny barada hem pikir alşyldy. Talyplara Malaýziýanyň kanunçylygyny berjaý etmek, ýurduň milli däp-dessurlaryna we jemgyýetçilik kadalaryna hormat goýmak boýunça degişli maslahatlar berildi.
Duşuşygyň ahyrynda talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen gyzyklanyldy hem-de olaryň sowallaryna jogap berildi.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.