
6-njy we 12-nji aprel aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäheri sportuň erkin göreşi boýunça Aziýa çempionatyna kabulhanalyk etdi. Bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Alp Arslan Begenjow özüniň ussatlygyny we ýeňşe bolan erjelligini görkezip, bürünç medalyň eýesi boldy.
86 kg agram derejesinde meýdança çykan Alp Arslan ýaryşyň ilkinji pursatlaryndan başlap özüniň agalyk edýän taktikasy bilen tapawutlandy:
Ýarym finalda pälwanymyz dünýäniň iň güýçli göreşijileriniň biri, eýranly Kamran Gorban Gasempur bilen duşuşdy. Bu bäsleşikde tehniki artykmaçlyk eýranly türgeniň peýdasyna (0:11) tamamlansa-da, Alp Arslan ruhdan düşmän, üçünji orun ugrundaky aýgytlaýjy duşuşyga taýýarlandy.
Üçünji orun ugrundaky tutluşykda Alp Arslanyň garşysyna ýaponiýaly Ýudaý Takahaşi çykdy. Dartgynly geçen duşuşykda türkmen türgeni özüniň fiziki taýýarlygyny we tehniki tilsimlerini dogry ulanyp, garşydaşyny 10:5 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu ýeňiş oňa Aziýa çempionatynyň bürünç medalyny getirdi.
Alp Arslan Begenjowyň bu üstünligi türkmen sportunyň ösüşiniň nobatdaky subutnamasydyr. Biz hem türgenimizi we onuň tälimçiler düzümini gazanylan bürünç medal bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, bu medal geljekde Olimpiýa oýunlarynyň altyn şinelelerine barýan ýoluň başlangyjy bolsun.
Amul Info portaly
Keywords