
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy janköýerler üçin hakyky futbol baýramyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň «Sport toplumynda» geçirilen «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynyň arasyndaky garaşylýan duşuşyk 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Duşuşyk ilkinji minutlardan ýokary depginde başlandy. Oýnuň 3-nji minutynda «Altyn asyr» hüjümçisi Myrat Annaýew hasaby açdy. Muňa jogap edip, myhmanlar tapawutlanmagy başardylar: 15-nji minutda Magtymberdi Berenow hasaby deňlän bolsa, 22-nji minutda ol özüniň ikinji goluny geçirip, toparyny öňe çykardy — 1:2.
Emma «Altyn asyr» hüjümleri dowam etdi. 25-nji minutda Myrat Annaýew özüniň gyz-gyn oýunlarny edip, hasaby 2:2-ä deňledi. Birinji ýarymyň soňuna golaý, 37-nji minutda Begençmyrat Myradow «Altyn asyry» ýene-de öňe saýlady — 3:2.
Oýnuň ikinji ýarymynda goranyşda has seresaply hereket eden toparlaryň arasynda 71-nji minutda Ruslan Priýew tapawutlanyp, duşuşygyň jemleýji hasabyny belledi — 3:3.
Bu netije çempionatda liderlik edýän «Arkadaga» bähbitli boldy. Häzirki wagtda «Arkadag» 21 utukly «Ahal» toparyndan 12 utuk öňe saýlandy. «Altyn asyr» bolsa 20 utuk bilen üçlügi jemleýär.
Bombardirleriň sanawynda «Arkadagyň» oýunçysy Didar Durdyew 9 gol bilen öňdeligi eýeleýär. Ondan soňky orunlarda 6 gol bilen Süleýman Mirzoýew («Ahal»), şeýle hem 5 gol geçiren Resul Hojaýew («Arkadag») we Serdar Gulyýew («Şagadam») barýarlar.
Ýurdumyzyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 7-nji iýunda geçiriler. Şol gün «Merw» — «Altyn asyr», «Arkadag» — «Nebitçi», «Köpetdag» — «Aşgabat» hem-de «Ahal» — «Şagadam» duşuşyklary oýnarlar.
Keywords