
Her ýurduň ähli ugurlardaky ösüşleri ylym bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletimizde ýaş nesle döwrebap bilim we asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda, ýaşlary ylmy gözleglere ugrukdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerindäki ylmy-taslama we döredijilik bäsleşigi ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Kerki etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Laçyn Haitowa, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna «Köýtendagy dünýäniň syýahatçylyk merkezine öwürmek we Gaýnarbaba şypahanasy» diýen mowzukdaky taslama işi bilen gatnaşyp, buýsançly ikinji orny eýeledi.
Köýtendag özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi, gaýtalanmajak gözellikleri bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Laçyn Haitowa mekdebiň taryh mugallymy we ylmy ýolbaşçysy Gülnara Atajanowa bilen Köýtendagyň jümmüşinde ylmy gözlegler geçirdi. Bu gözlegleriň netijeleri zehinli okuwçynyň taslama işinde öz beýanyny tapdy.
Laçyn Haitowa öz taslamasy barada şeýle diýýär:
— Welaýatymyzyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän Köýtendag diňe bir gymmatly magdan ýataklary bilen däl, eýsem taryhy we tebigy ýadygärlikleriň mekany hökmünde-de tanalýar. Bu künjek geljekde dünýä syýahatçylygynyň merkezi bolmaga doly mynasyp.
Taslamanyň esasy ugurlary:
Lebaply zehinli ýaşlar tamamlanyp barýan okuw ýylyny guwandyryjy üstünliklere besleýärler. Döwlet bäsleşiginde ikinji orny eýelän kerkili mekdep okuwçysy Laçyn Haitowanyň gazanan üstünligi munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň ylym älemindäki bu ilkinji ädimleri, geljekde Köýtendagyň täsinlikleriniň dünýä ýüzünde has-da giňden tanalmagyna goşant bolar.
Keywords