
Dünýä futbolynyň rowaty meşhur ýyldyzy Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzümine goşuldy we topardaşlary bilen bilelikde geljekki uly ýaryşa taýýarlyk zähmetine girişdi.
Öňümizdäki dünýä birinjiligi portugaliýaly hüjümçi üçin sport ýolundaky altynjy dünýä çempionaty bolar we bu görkeziji taryhy rekord hökmünde hasaba alynar. Ýatlap geçsek, Ronaldu milli ýygyndynyň düzüminde Ýewropanyň çempiony, şeýle-hem iki gezek Milletler ligasynyň ýeňijisi bolmagy başarypdy.
Häzirki wagtda Roberto Martinesiň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndy ABŞ-nyň Maýami şäherindäki döwrebap türgenleşik toplumynda okuw-türgenleşik oýunlaryny alyp barýar. Ýygyndy Ýewropada çykyş edýän ýene-de birnäçe oýunçynyň gelmegine garaşýar. Toparyň düzümi 6-njy iýunda dolulygyna jemlener. Şol gün topara «PSŽ» klubunyň düzüminde UEFA Çempionlar ligasynda gazanylan ýeňişden soňra ýörite dynç berlen Witinýa, Nunu Mendeş, Žoau Neweş we Gonsalu Ramuş ýaly esasy oýunçylar goşularlar.
Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Portugaliýanyň ýygyndysy iki sany möhüm synag duşuşygyny geçirer:
DÇ-2026-nyň final tapgyrynyň toparçalaýyn oýunlarynda Portugaliýanyň milli ýygyndysy «D» toparçada Kolumbiýanyň, goňşy Özbegistanyň we DR Kongonyň milli ýygyndylary bilen duşuşar.
Mälim bolşy ýaly, futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty şu ýylyň 11-nji iýuny we 19-njy iýuly aralygynda geçirilip, bütin dünýäniň sport janköýerleriň ünsüni özüne çeker.
Keywords